
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinony Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretary wezipesinde görmek isleýändigi barada “New York Post” neşiri habar berýär.
Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) prezidenti 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň taýýarlygy we guralyşy döwründe Tramp bilen has ýakyn gatnaşyk gurdy. Ol geçen ýylyň dekabrynda Trampa FIFA-nyň Parahatçylyk baýragyny gowşurdy.
“New York Post” neşiriniň bellemegine görä, Tramp Infantinonyň «dünýäde hemmeler tarapyndan hormatlanýandygyny» hasaplaýar we onuň «adamlary birleşdirmekde aýratyn ukybynyň bardygyny» belleýär.
BMG-niň täze Baş sekretary şu ýylyň dowamynda saýlanyp, ýylyň ahyrynda wezipesini tamamlaýan portugaliýaly Antoniu Guterrişiň ornuny eýelär. Bu wezipä saýlanmak üçin Infantino ilki bilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 15 agzasynyň goldawyny almaly. Olaryň bäşisi weto hukugyna eýedir. Ondan soň bolsa onuň dalaşgärligi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan tassyklanmalydyr.
Keywords