ÝB gender deňligini goldaýar. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Kaýa Kallas Tallinde guralan metbugat maslahatynda dünýäde durnuklylygy üpjün etmek we gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak üçin parahatçylyk gepleşiklerinde zenanlaryň ornunyň güýçlendirilmelidigini mälim etdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň seljermeleri hem zenanlaryň diplomatik gatnaşyklara goşýan goşandynyň durnuklylygyny tassyklaýar.
Mundan başgada söwda ylalaşygy tassyklandy. Ýewropa Parlamenti ÝB bilen ABŞ-nyň arasyndaky «Ternberi» söwda ylalaşygyny makullady. Resminama laýyklykda, ÝB amerikan harytlarynyň gümrük paçlaryny doly ýatyrýar, ABŞ-nyň ykdysadyýetine 600 milliard dollar maýa goýýar we 750 milliard dollarlyk energiýa serişdelerini satyn alýar. ABŞ bolsa öz gezeginde Ýewropa harytlarynyň gümrük pajyny 15 göterim derejesinde çäklendirmäge borçlanýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.