Dünýäde 40 müňden gowrak howa menzili hereket edýär. Her gün Ýer ýüzünde 100–130 müň aralygynda uçuş amala aşyrylýar. Bu görkezijiler howa ulagynyň halkara gatnawlarynda we syýahatçylyk ulgamynda möhüm orun eýeleýändigini görkezýär.

Soňky ýyllarda howa menzillerinde ýolagçylaryň wagtyny tygşytlamak, rahat dynç almagyny üpjün etmek we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Aýratyn-da, uzak aralyklara uçýan ýolagçylar üçin dynç alyş zolaklary, söwda merkezleri, naharhanalar we ýörite hyzmatlar möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Şeýle howa menzilleriniň biri hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki halkara aeroportydyr. Dünýäniň iri syýahatçylyk merkezleriniň birinde ýerleşýän bu howa menzili ýolagçy gatnawlarynyň ýokary görkezijileri bilen tapawutlanýar. Onuň giň söwda zolaklarynda köp sanly salgyt tölegsiz dükanlar (Duty Free) ýerleşýär.

Dubaýyň halkara aeroportunda ýolagçylar üçin ýörite gezelenç we ylgaýyş zolaklary, VIP salonlar, garbanyşhanalar hem-de beýleki amatly hyzmatlar döredilendir. Bu mümkinçilikler howa menziliniň diňe bir gatnaw merkezi bolman, eýsem, ýolagçylaryň wagtyny netijeli we rahat geçirmekleri üçin niýetlenen döwrebap toplum hökmünde hem ähmiýetini artdyrýar.