
Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligine integrasiýa bolmak strategiýasy täze tapgyra gadam basýar. Şu günlerde (27-nji aprel — 1-nji maý aralygynda) Berlinde saparda bolýan türkmen wekiliýeti Ýewropanyň iň iri ykdysadyýeti bolan Germaniýanyň Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) bilen işleşmekdäki tejribesini düýpli öwrenýär.
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan bu işçi saparyň esasy maksady — Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmak baradaky tagallalaryna tehniki we institusional taýdan goldaw bermekden ybaratdyr.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň BSG bilen hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ylham Ýaraşowyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Germaniýanyň birnäçe esasy döwlet edaralarynda gepleşikler geçirdi:
Germaniýanyň Söwda we maýa goýum agentliginde (GTAI) geçirilen söhbetdeşliklerde esasy üns eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi. Şeýle-de, döwletiň hususy pudaga nähili maslahat beriş hyzmatlaryny amala aşyryp biljekdigi, dünýä bazarynda bäsdeşlige döz gelmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Berlindäki duşuşyklar diňe bir söwda bilen çäklenmän, eýsem ekologiýa meselelerini hem öz içine aldy. Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginde geçirilen maslahatda:
Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň bellemegine görä, nemes kärdeşleriniň institusional tejribesi Türkmenistanyň milli söwda syýasatyny kämilleşdirmekde möhüm binýat bolar. Serhetüsti söwda amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi we döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygynyň güýçlendirilmegi ýurdumyzyň BSG-ä agza bolmak prosesini has-da çaltlandyrar.
Bu okuw sapary Türkmenistanyň dünýäniň ösen ykdysady ulgamyna doly hukukly agza hökmünde goşulmak baradaky ynamly ädimleriniň biridir.
Keywords