
«Watan» kinokonsert merkezi 9-njy maýda agşam geçiriljek ýörite konsertde Ýeňiş gününiň şatlygyny we buýsanjyny bilelikde paýlaşmaga çagyrýar. «Beýik Ýeňiş – her birimiziň ýüregimizde» atly maksatnama uruş meýdanlarynda we tylda görkezilen, taryha hemişelik ýazylan gahrymançylyklary aýdym-saz arkaly ebedileşdirjek ruhy ýadygärlik bolar.
Bu agşamda iň mähirli duýgulary oýarýan ölmez-ýitmez aýdymlar ýaňlanar. Sahna zehinli artistler: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, tenor Meýlis Myratgeldiýew, şeýle hem «Grand music» sazandarlar topary we onuň solisti Döwlet Ýoldaşew çykarlar. Ruslan Baltaýewiň baýanda ýerine ýetirjek owazlary agşamyň sazlaşygyny has-da artdyrar.
Bu konsert weteranlara ýene bir gezek minnetdarlyk bildirmäge we Ýeňşiň gahrymanlaryny hatyralamaga dörän ajaýyp pursatdyr. Umumy hakydamyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen aýdymlar siziň üçin janly sesde ýerine ýetiriler.
Başlanýan wagty: 19:00.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz:
+993 62937441, +993 61794691.
Keywords