
Moldowanyň "sport-time.org" sport portaly (meşhur "Sport Time" žurnalynyň internet görnüşi) Türkmenistanyň "behişdi bedewler" barada makala çap edip, olary "tebigatyň özi tarapyndan döredilen kämil sport guraly" diýip atlandyrdy. Neşirde ahalteke bedewiniň diňe bir estetiki nyşan däl-de, eýsem çydamlylygy we asylly sypaty Garagum sährasynyň çägeliklerinde asyrlar boýy taplanan üýtgeşik türgen ekendigi bellenilýär.
Neşiriň žurnalistleri bu atlaryň hereketleriniň aýratyn ýumşaklygyny belleýärler: özboluşly gurluşy sebäpli, at çapmaýan ýaly-da, ýeriň üstünden süzülip barýan ýaly görünýär. Ýewropa neşiri 2023-nji ýylda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna resmi taýdan girizilendigine ünsi çekýär. Bu bolsa tohumyň dünýä medeniýetinde derejesini berkitdi.
"Sport Time" okyjylara taryhy ýeňişleri ýatladýar: 1960-njy ýylda Rimde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda at üstünde ýöriş boýunça altyn medal gazanan rowaýaty Absent diýen bedewden başlap, türkmen çapyksuwararynyň häzirki zaman dünýä ýurtlaryndaky ýeňişlerine çenli. Makalada "Galkynyş" milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünliklerine aýratyn orun berlipdir. Neşir ýakyndaky uly üstünligi belleýär: 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda bu topar Monte-Karloda geçirilen 47-nji Halkara sirk festiwalynda iň ýokary baýragy — "Altyn Gaetano" baýragyny eýeledi. "Galkynyş" toparynyň çykyşy — bu diňe bir tälim bermek däl-de, eýsem çendenaşa ýokary tizlikdäki dialogdyr" diýip, "Sport Time" ýazýar.
Ahalteke bedewi "bir eýesiniň aty" hökmünde tanalýar we artistleriň bedewiň batly çapşynda çylşyrymly jigitlik emellerini ýerine ýetirenlerinde görkezýän özara ynamy türkmen atçylyk mekdebiniň iň ýokary derejesini tassyklaýar. Şeýle hem neşir Bütindünýä çarwadar oýunlary barada durup geçdi, ol ýerde ahalteke atlary diňe bir gözellik däl, eýsem hakyky söweşjeň ukyplaryny — çapyp barýarkaň ok atmak we at üstündäki ussatlygy görkezip, Türkmenistanyň ýygyndysyna onlarça altyn medal getirýärler.
Keywords