
Fransiýanyň parlamenti 15 ýaşdan kiçilere sosial ulgamlara girmegi gadagan edýän kanun taslamasyny soňky görnüşde kabul etdi diýip, BFMTV telekanaly habar berýär. Kanun taslamasyna 279 deputat ses berdi, 81-i garşy çykdy.
Şeýlelik bilen, Fransiýa Ýewropada 15 ýaşdan kiçiler üçin sosial ulgamlary resmi taýdan gadagan eden ilkinji ýurt boldy.
Ýurduň hökümeti bu gadagançylygy iki tapgyrda durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. 1-nji sentýabrdan başlap, täze döredilýän hasaplar ýaşyny barlamak düzgünine tabyn bolar. Bar bolan hasaplar üçin bolsa täze düzgünler 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap güýje girer.