Yrak bilen Türkiýe Yrak nebitini Türkiýäniň Jeýhan portuna daşamak boýunça möhleti bir ýyl bolan täze ylalaşyga gol çekdiler. Bu barada Yragyň Nebit ministrligi habar berdi.

Ylalaşyga laýyklykda, Yrak Yrak–Türkiýe nebit geçirijisi arkaly günde azyndan 750 müň barrel nebit eksport eder. Yragyň nebit ministri Basim Mohammed Hudaýr bu geçirijiniň sebit we halkara energetika howpsuzlygy üçin uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Yragyň Premýer-ministri Ali az-Zaidi iki ýurduň nebit, elektroenergetika, suw hojalygy we beýleki hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça giň gerimli çarçuwaly ylalaşygy amala aşyrmaga dowam etjekdiklerini belledi. Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar hem bu geçirijiniň Yrak nebitini dünýä bazarlaryna ygtybarly ýetirilmegini üpjün edýändigini we Jeýhan portunyň logistika merkez hökmündäki ornuny pugtalandyrýandygyny aýtdy.

Ykdysadyýeti esasan çig nebit eksportyna daýanýan we girdejileriniň takmynan 90 göterimini şondan alýan Yrak, sebitdäki dartgynlyklar fonunda eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmäge we deňiz ugurlaryna garaşlylygyny azaltmaga çalyşýar. Bu bir ýyllyk şertnama taraplaryň arasynda suw serişdeleri ýaly başga-da möhüm meseleler boýunça giň gerimli strategik gepleşikler üçin täze mümkinçilikleri açýar.