Özbegistanyň gadymy Hywa şäherinde geçirilen «Gawun baýramy» halkara festiwaly dünýä rekordynyň goýulmagy bilen tamamlandy. 7–9-njy awgust aralygynda geçirilen giň gerimli çäre «Içan gala» taryhy-medeni toplumynyň hem-de «Arda Khiva» syýahatçylyk merkeziniň çäginde guraldy.
Üç günüň dowamynda dowam eden festiwal Özbegistanyň dürli welaýatlaryndan gelen myhmanlary, daşary ýurtly syýahatçylary, şeýle hem ýerli we halkara habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, çärä jemi 186 müň adam gatnaşdy. Olaryň 150 müňüsi ýerli, 36 müňüsi bolsa daşary ýurtly syýahatçylardan ybarat boldy.
Festiwalyň iň täsirli wakalarynyň biri gawun dadyp görmek boýunça täze dünýä rekordynyň goýulmagy boldy. «Guinness World Records» guramasynyň resmi şahadatnamasy bilen tassyklanan rekord 9-njy awgustda Hywada hasaba alyndy.
Çärä bir wagtyň özünde 259 adam gatnaşyp, olar gawunyň 10-dan gowrak görnüşini dadyp gördüler. Rekordyň goýluşyna we tassyklanyşyna «Guinness World Records» guramasynyň resmi emin agzasy, Türkiýe we Merkezi Aziýa boýunça wekili Şeýda Subaşy Gemiji gözegçilik etdi.
Festiwalyň dowamynda myhmanlar üçin dürli medeni we güýmenje çäreleri guraldy. Meşhur sungat işgärleriniň konsertleri, ussatlyk sapaklary, sergiler, bäsleşikler we beýleki çäreler üç günlük maksatnamanyň esasy bölegini düzdi. Festiwalyň ýapylyş dabarasynda Russiýanyň meşhur aýdymçysy MakSim çykyş etdi.
Çäräniň sergi bölümlerinde Horezm welaýatynyň etraplary, öňdebaryjy daýhan hojalyklary we beýleki gatnaşyjylar gawunyň dürli görnüşlerini köpçülige hödürlediler. Şeýle hem sebitde öndürilýän oba hojalyk önümleri, döwrebap tehnologiýalar we oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler görkezildi.
Festiwala gelenler gawunyň dürli görnüşlerinden datmak bilen bir hatarda, ýerli öndürijiler bilen söhbetdeş bolmaga we Horezmde oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň asyrlardan bäri dowam edip gelýän däpleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
«Gawun baýramynyň» dünýä rekordy bilen tamamlanmagy Hywanyň diňe bir taryhy we medeni mirasy bilen däl, eýsem milli aşhanasy, oba hojalyk önümleri we gastronomik syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen hem halkara derejesinde tanalýandygyny ýene bir gezek görkezdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.