Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» atly Akaba prosesiniň mejlisine gatnaşmaga çagyrdy.
Bu barada Gazagystanyň döwlet Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlarynyň arasynda geçirilýän özara saparlaryň hem-de duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetine ünsi çekdi.
Gazagystanyň Prezidenti geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň çäklerinde geçirilen halkara forumda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynyň ähmiýetini hem aýratyn belledi.
Şeýle-de iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň Türkmenistan we Gazagystan tarapyndan geçirilýän halkara forumlara yzygiderli gatnaşýandyklary nygtaldy. Bu däp iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň möhüm görkezijileriniň biri hökmünde häsiýetlendirildi.
Kasym-Žomart Tokaýew şu ýylyň noýabr aýynyň başynda Astanada geçiriljek «Emeli aň ulgamynda howpsuzlyk» mowzugyndaky Akaba prosesiniň mejlisine Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagyna uly hormat bilen garaşýandygyny ýene-de bir gezek belledi.
Mejlisiň emeli aň tehnologiýalaryny howpsuz we jogapkärçilikli ösdürmek, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze tehnologiýalaryň döredýän mümkinçilikleri we töwekgelçilikleri boýunça pikir alyşmak üçin möhüm halkara meýdança öwrülmegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.