Ýur­du­myz­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän düýp­li öz­gert­me­le­riň mak­sa­dy ýur­dy döw­re­bap­laş­dyr­mak­dan, hal­kyň eş­ret­li ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň, aba­dan­çy­ly­gy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn kä­mil­li­gi­ni üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­ta­nyň yk­dysa­dy­ýe­tin­de iri, or­ta we ki­çi kär­ha­na­lar bi­len bir ha­tar­da, maş­ga­la we ýe­ke­ba­ra zäh­me­te esas­la­nýan te­le­ke­çi­lik iş­le­ri hem işjeň al­nyp ba­rylýar. «Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­gi döw­let ta­ra­pyn­dan gol­da­mak ha­kyn­da­» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň he­re­ket­len­di­ri­ji güý­ji bo­lan hu­su­sy­ýet­çi­le­riň sa­ny bar­ha art­ýar. Ze­nan­la­ryň ka­nun çy­ka­ry­jy hem-de döw­let do­lan­dy­ryş eda­ra­la­rynda ýol­baş­çy we­zi­pe­ler­de iş­le­me­gi türk­men ge­lin-gyz­la­ry­nyň jem­gy­ýetde tut­ýan or­nu­nyň has-da pug­ta­lan­ýan­dy­gy­ny, şeý­le-de ola­ra di­ňe bir ýaş nes­li my­na­syp de­re­je­de ter­bi­ýe­le­mek­de däl, eý­sem, jem­gy­ýe­tiň ok­gun­ly we döw­re­bap ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de hem aý­ra­tyn or­nuň degiş­li­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu gün ze­nan — alym, ze­nan — te­le­ke­çi, ze­nan — Wa­ta­ny go­raý­jy, ze­nan — döw­let iş­gä­ri. Olar ýur­du­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne öz my­na­syp go­şan­tlary­ny goş­ýar­lar. Işe­wür ze­nan­lar ýur­du­my­zyň di­ňe bir yk­dy­sa­dy pu­da­gyn­da däl, eý­sem, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da­-da uly orun eýe­le­ýär­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň ýa­nyn­da hem işe­wür ze­nan­la­ryň mer­ke­zi he­re­ket ed­ýär. Bu mer­ke­ziň ag­za­la­ry ýur­du­my­zyň hu­su­sy pu­da­gyn­da zäh­met çek­ýän ze­nan­la­ryň ara­syn­da wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­ni ge­çir­mek bi­len bir­lik­de, türk­men ge­lin-gyz­la­ry­ny te­le­ke­çi­lik işi­ne çek­mek­de, bu ul­gam­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak­da hem ýo­ka­ry iş­jeň­lik gör­kez­ýär­ler. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­myz­da her ýyl şan­ly da­ba­ra­lar bi­len bel­le­nil­ýän 8-nji mart — Hal­ka­ra ze­nan­lar gü­nü­niň öňü­sy­ra­synda Türk­me­nis­ta­nyň Ze­nan­lar bir­le­şi­gi­niň Mer­ke­zi ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan yg­lan edil­ýän «Ýy­lyň ze­na­ny» at­ly bäs­le­şi­ge äh­li pu­da­gyň ze­nan we­kil­le­ri bi­len bir ha­tar­da, te­le­ke­çi ze­nan­lar hem iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Şu gezekki bäs­le­şik­de-de ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän zenanlarymyz «Ýy­lyň ha­ly­pa ze­na­ny» ady­ny al­mak ug­run­da bäs­leş­di­ler. Bu bäs­le­şik­de «Ýur­duň ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň we te­le­ke­çi­li­giň ös­me­gi­ne go­şan go­şan­dy üçin» di­ýen ugur bo­ýun­ça «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler birleş­me­si­niň ag­za­sy Mary welaýatynyň Mary şäherinden telekeçi Mähri Jojukowa mynasyp boldy.