«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik görkezijileriniň ýokarlanmagynda «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginiň uly paýy bar. «Nebit-gaz» gazetinde habar berlişi ýaly, häzirki zaman kämil enjamlary we desgalary bilen üpjün edilen bu kärhanada 2026-njy ýylyň başyndan bäri hereket edýän guýulardan 610 müň 234 tonna nebit çykaryldy.

Netijede müdirlik boýunça gazanylan ösüş depgini 105 göterimden geçdi. Bellenilen meýilnamadan 61 müň tonna nebit çig malyny artyk çykaran nebitçiler häzirki günlerde önümçilik depginini barha ýokarlandyrýarlar. Bu üstünlik ýurduň nebitgaz senagatynyň durnukly ösüşine we kuwwatlanmagyna uly goşant bolup durýar.