
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýaşamak we işlemek üçin uly mümkinçilikler döredýän “Green Card” lotereýasynyň netijeleriniň yglan ediljek güni belli boldy. DV-2026 lotereýasynyň netijeleri 3-nji maý, 2025-nji ýyl, Amerikanyň wagty bilen sagat 12:00 (EDT) yglan ediljekdir. Türkmenistanda bolsa bu wagt 3-nji maý, sagat 21:00 töweregi bolar. Şol wagtdan başlap, gatnaşyjylar özleriniň lotereýadaky netijelerini barlap bilerler.
Netijeler Nireden Görülýär?
Netijeleri diňe ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň resmi web sahypasyndan barlap bolýar. Barlamak üçin şu salgyny ulanyň:
https://dvprogram.state.gov/
Netijäni Nädip Barlaýar?
Netijeleri barlamak üçin aşakdaky ädimleri ýerine ýetiriň:
dvprogram.state.gov sahypasyna giriň.
“Check Status” bölümini saýlaň.
Size berlen Confirmation Number-i giriziň.
Familiýaňyzy we doglan senäňizi girizip, Submit düwmesine basyň.
Üns Beriň!
Netijeleri barlamak üçin diňe resmi web sahypasyny ulanyň.
Email ýa-da telefon arkaly gelen “siz ýeňiji bolduňyz” ýaly habarlara ynanmaň — olar kezzaplykdyr.
Ýeňiş gazanan ýagdaýyňyzda, wiza resminamalary boýunça görkezmeleri ýerine ýetiriň.
Tassyklaýyş belgiňizi azyndan 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli saklamagy unutmaň.