ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2026-njy ýylyň awgust aýy üçin çap eden wiza býulleteninde Diversity Visa (DV-2026) maksatnamasy boýunça berilýän grin-kartalaryň çäginiň maliýe ýyly resmi taýdan tamamlanmazdan öň dolup biljekdigi barada duýdurdy. Resminama laýyklykda, DV-2026 lotereýasynyň netijeleri boýunça hemişelik ýaşaýyş hukugyny almak mümkinçiligi diňe 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli güýjünde bolar. Şondan soň ýeňijilere we olaryň maşgala agzalaryna, hatda bellenen çäk dolmadyk ýagdaýynda-da, immigrasion wizalar berilmez. Döwlet departamenti maliýe ýylynyň ahyryna çenli wizalaryň elýeterli boljakdygyny kepillendirip bolmaýandygyny, sebäbi bellenen wiza belgileriniň möhlet tamamlanmazdan öň gutaryp biljekdigini aýratyn nygtady. Şu ýyl maksatnama boýunça berilýän wizalaryň umumy sany kanunçylykdaky üýtgetmeler sebäpli 55 müňden takmynan 52 müňe çenli azaldy. Bu üýtgetmeler wizalaryň bir böleginiň NACARA maksatnamasynyň hem-de 2024-nji maliýe ýyly üçin kabul edilen Milli goranyş hakynda kanunyň (NDAA) talaplaryna laýyklykda başga maksatlar üçin bölünip berilmegi bilen baglanyşyklydyr. Awgust aýy üçin arzalary kabul etmegiň iň ýokary nobat belgileri alty geografik sebit boýunça kesgitlenildi. Iň uly çäk Afrika sebitine degişli bolup, ol 60 müň belgä deňdir. Şeýle-de bolsa, Alžir we Müsür üçin aýratyn, has pes çäkler bellenendir. Aziýa sebitinde bu görkeziji 40 müň, Ýewropa üçin bolsa 29 müň bolup durýar. Demirgazyk Amerikanyň ýurtlary, şol sanda Bagam adalary üçin bolsa hiç hili çäklendirme göz öňünde tutulmaýar. Wiza býulleteninde diwersifikasiýa wiza maksatnamasy bilen birlikde maşgalanyň birleşmegi we zähmet immigrasiýasy boýunça käbir wiza görnüşleriniň täzelenen seneleri hem çap edildi. Hususan-da, Döwlet departamenti ýakyn hepdelerde Hindistanyň raýatlary üçin EB-1 (ileri tutulýan hünärmenler) derejesi boýunça göz öňünde tutulan çägiň dolan ýagdaýynda wiza berilişiniň wagtlaýyn togtadylmak howpunyň bardygyny mälim etdi. Şunuň ýaly ýagdaýyň EB-2 derejesi üçin hem ýüze çykyp biljekdigi bellenildi. Döwlet departamenti emele gelen ýagdaýyň hemişe gözegçilik astyndadygyny hem-de zerur bolan ýagdaýynda wiza çäklerine degişli düzedişleriň giriziljekdigini habar berdi.