Pasyl çalşyklary döwründe mallaryň arasynda dürli ýokanç keselleriň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar. Şonuň üçin maldarçylyk hojalyklarynda weterinariýa gözegçiligini güýçlendirmek we keselleriň öňüni alyş çärelerini wagtynda geçirmek möhüm ähmiýete eýedir.

Hünärmenleriň bellemegine görä, tomus paslynyň tamamlanmagy we güýz möwsümine geçilmegi bilen iri şahly mallaryň arasynda efemer ýa-da «üç günlük ysytma» diýlip atlandyrylýan ýokanç keseliň ýüze çykmagy mümkin. Bu kesel gara mallarda ýiti epizootiki ýagdaýda geçip, gysga wagtlaýyn ysytma bilen häsiýetlenýär.

Kesel bilen kesellän mallarda burun boşlugynyň, agyz boşlugynyň we gyzylödegiň nemli bardalarynda alawlama, myşsalaryň gatamagy, hereketiň kynlaşmagy we agsaklyk ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

Efemer ysytma dürli ýurtlarda, şol sanda Ýaponiýada, Afrikanyň käbir sebitlerinde, Awstraliýada we Hindistanda hasaba alnan keselleriň biridir. Şonuň üçin pasyl çalşygy döwründe mallaryň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik etmek zerurdyr.

Malda näsazlyk ýa-da ýokarda agzalan alamatlaryň haýsydyr biri ýüze çykan ýagdaýynda ony özbaşdak bejermäge synanyşman, weterinariýa hünärmenine ýüz tutmak maslahat berilýär. Keseli anyklamak we degişli bejergini geçirmek diňe hünärmeniň maslahatyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr.

Hojalyklarda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi, mallaryň ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmagy we keselleriň ilkinji alamatlarynda degişli gulluklara habar berilmegi ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga ýardam eder.