
Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew 21-22-nji maý günlerinde iş sapary bilen Türkmenistana geler. Bu barada Gyrgyzystanyň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Akylbek Japarowyň ýolbaşçylygyndaky Hökümetiniň adyndan guralýan bu saparyň dowamynda Gyrgyzystanyň wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar.
Iş saparynyň çäklerinde Gyrgyzystanyň Hökümet wekiliniň Türkmenistanyň ýolbaşçy düzümi bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmegine hem garaşylýar. Duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi, şeýle-de sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki köptaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Ýeri gelende ýatslatsak, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi 22-nji maýda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçiriler. Mundan ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisinde bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.
Keywords