Wýetnamyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýän Ha Long aýlagy özboluşly tebigy keşbi bilen dünýäniň iň gözel künjekleriniň biri hasaplanýar. Deňiz suwunyň, belent gaýalaryň we gök öwüsýän ösümlik dünýäsiniň ajaýyp sazlaşygyny özünde jemleýän bu ýer ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.
Ha Long aýlagy özboluşly görnüşli dik gaýa sütünleri, köp sanly adalary we gowaklary bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Aýlagyň çäginde 3 müňden gowrak ada, şeýle hem dürli ululykdaky gaýalar we tebigy gowaklar ýerleşýär. Onuň umumy meýdany 1553 inedördül kilometre barabar bolup, gury ýer we suwasty tebigy baýlyklara, biodürlüligiň köp görnüşlerine eýedir.
Geçirilen ylmy barlaglar bu sebitiň gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň biridigini görkezýär. Aýlagyň kenarýakalarynda ýylyň ähli paslynda ýaşyl öwüsýän tokaýlyklar hem bar.
Ha Long aýlagynyň ösümlik we haýwanat dünýäsi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýerde diňe şu sebite mahsus bolan ösümlikleriň 14 görnüşi we haýwanlaryň 60 görnüşi duş gelýär.
Tebigy gözelligi, baý ekologiýa ulgamy we taryhy aýratynlyklary bilen tapawutlanýan Ha Long aýlagy Wýetnamyň iň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup durýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.