Türkiýäniň Kutahýa welaýatyndaky Seýitömer arheologik ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda takmynan 5 müň ýyllyk taryhy bolan sekiz sany çörek bölegi ýüze çykaryldy. Taryhy tapyndylaryň gadymy döwürde ýüze çykan ýangynyň netijesinde köýüp, şu güne çenli saklanyp galandygy habar berilýär. Bu barada «Anadolu» agentligine salgylanyp, «RG.ru» neşiri ýazýar.

Arheolog Sewgi Gurdalyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda çörek böleklerinden başga-da, gadymy pejiň we diwarlaryň birindäki tekjeleriň galyndylary tapyldy. Şeýle hem bu ýerden bugdaýyň we merjimegiň galyndylary ýüze çykaryldy.

Sewgi Gurdalyň bellemegine görä, tapyndylar bürünç eýýamynyň irki döwrüniň birinji çärýegine degişlidir. Bu tapyndylar şol döwürde ýaşaýan adamlaryň azyk önümlerini taýýarlamak we gündelik durmuşda ulanmak bilen bagly aýratynlyklaryny öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Taryhy ähmiýete eýe bolan tapyndylar häzirki wagtda Kutahýa muzeýine ýerleşdirildi. Olar muzeýe gelýän köp sanly myhmanlaryň hem-de taryh bilen gyzyklanýan adamlaryň ünsüni özüne çekýär.