
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly berkarar Watanymyzyň älem içre at-abraýynyň has-da beýgelýän şanly ýyllarynyň biri boldy. Hemmetaraplaýyn ösüşlere beslenen şanly ýylymyz meniň durmuşymy hem ýatdan çykmajak şatlykly wakalar bilen bezedi. 29 ýyldan bäri kuwwatly traktora erk edýärin. Uzak ýyllaryň dowamynda oba hojalygynda çeken asylly zähmetimi göz öňünde tutup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz meni Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» atly medaly bilen sylaglady. Bu meniň işime bolan jogapkärçiligimi has-da artdyryp, täze-täze zähmet ýeňişlerine galkyndyrdy. Berkärar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyza yzygiderli gelip gowuşýan kuwwatly tehnikalar öndürijilikli zähmete uly mümkinçilik döredýär. Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmakda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý, Täze ýylymyz düşümli, rysgal-bereketli, döwletli ýyllaryň biri bolsun!
Keywords