Halkara Energetika agentliginiň (HEA) başlygy Fatih Birol dünýäniň kömürden, nebitden we tebigy gazdan kem-kemden daşlaşyp, elektrik energiýasynyň döwürine gadam basýandygyny aýtdy. Ol bu barada Türkiýede geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça 31-nji maslahatynyň (COP31) çäklerinde «The Guardian» neşirine beren interwýusynda belledi.
Fatih Birol dünýä ykdysadyýetinde elektrik energiýasynyň öndürilişiniň iki esseden gowrak artandygyny nygtady. Onuň düşündirmegine görä, bu ýagdaý gazylyp alynýan ýangyç serişdeleriniň bahalarynyň durnuksyzlygy we olary daşamakda ýüze çykýan bökdençlikler bilen baglanyşyklydyr.
«Biz öňküsi ýaly nebitden we gazdan peýdalanarys, emma esasy energiýa çeşmesi elektrik togy bolar» diýip, agentligiň ýolbaşçysy aýtdy.
Fatih Birol elektrikleşdiriş işleriniň giňelmegine üç esasy ýagdaýyň täsir edýändigini belledi. Olaryň hatarynda emeli aň üçin zerur maglumatlary işleýän merkezleriň sanynyň artmagy, ählumumy howanyň gyzmagy bilen baglylykda sowadyjy enjamlara bolan islegiň ýokarlanmagy hem-de elektrik ulaglary pudagynyň ösmegi bar.
Şeýle-de ulag pudagynda elektrik energiýasyna geçişiň ozal görülmedik depginde dowam edýändigi bellenildi. Halkara Energetika agentliginiň maglumatlaryna görä, Hytaýdan başga ýurtlarda elektrik ulaglarynyň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 60 göterim ýokarlandy.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.