«Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň birleşmek baradaky gepleşiklerinde öňegidişlik gazanyldy. Taraplar geleşik barada 2026-njy ýylyň dekabrynda resmi taýdan yglan etmegi meýilleşdirýärler. Şeýle-de bolsa, bu habaryň 2027-nji ýylyň başyna süýşürilmegi hem mümkin. Bu barada «Bloomberg» agentligi öz çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, iki kompaniýanyň direktorlar geňeşleri birleşmegiň şertlerini we täze dörediljek gurluşyň dolandyryş ulgamyny ylalaşýarlar. Ara alnyp maslahatlaşylýan esasy meseleleriň biri «Tesla» kompaniýasynyň paýdarlaryna «SpaceX»-iň näçe paýynyň beriljekdigi bilen baglanyşykly.
«Bloomberg» birleşmegiň amala aşan ýagdaýynda, onuň dünýä korporatiw taryhyndaky iň iri geleşik bolup biljekdigini belleýär. Häzirki wagtda «SpaceX» kompaniýasynyň bahasy 1,9 trillion dollar, «Tesla»-nyň bazar kapitalizasiýasy bolsa 1,5 trillion dollardan ýokary diýlip çaklanylýar.
Iki kompaniýanyň birleşmegi netijesinde elektrik awtoulaglaryny, raketalary, emeli hemralary we akkumulýatorlary öndürýän, şeýle-de emeli aň üçin infrastruktura döredýän iri senagat topary emele gelip biler. Geleşigiň esasy maksatlarynyň biri emeli aň tehnologiýalarynyň kosmos pudagynda, sürüjisiz ulaglarda we robot tehnikasynda ulanylyşyny giňeltmekden ybaratdyr.
Kompaniýalar eýýäm birnäçe ugurda hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, olar ABŞ-nyň Tehas ştatynda «Terafab» atly çip öndürýän zawody gurýarlar.
2026-njy ýylyň oktýabrynda iki kompaniýanyň hem ýolbaşçysy Ilon Mask maýadarlar bilen geçirilen söhbetdeşlikde «SpaceX» bilen «Tesla»-nyň birleşmegini «gowy pikir» diýip häsiýetlendirdi. Şeýle-de ol kompaniýalaryň direktorlar geňeşleriniň birleşmek mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ýörite toparlary döredendigini habar berdi.
«Bloomberg»-iň bellemegine görä, geleşigiň öňünde durup biljek esasy päsgelçilikleriň biri «Tesla»-nyň Hytaýdaky iş alyp barşy bilen baglanyşykly. «SpaceX» ABŞ-nyň hökümeti üçin möhüm goranyş potratçysy bolup durýar, «Tesla»-nyň bolsa Hytaýda uly önümçilik kuwwatlyklary bar.
Neşir 2026-njy ýylyň tomsunda «Tesla»-nyň «SpaceX» bilen birleşmäge taýýarlyk görmegiň çäklerinde Hytaýdaky işini satmak mümkinçiligine garap başlandygyny hem habar beripdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.