Özbegistanda ýokary we ýokary okuw mekdebinden soňky bilime eýe bolan ilatyň sany 3,27 million adama ýetýär. Bu görkeziji ýurduň umumy ilatynyň 12 göterimine deňdir. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika geňeşiniň maglumatlaryna salgylanyp, «rg.ru» neşiri habar berýär.
Statistik maglumatlara görä, ýurduň ilatynyň esasy bölegini umumy orta, ýörite orta we hünär bilimi bolan raýatlar düzýär. Hususan-da, umumy orta bilimi bolan özbegistanlylaryň sany 11,6 milliona ýetýär. Bu bolsa 15 ýaşdan uly ilatyň 42,8 göterimine deňdir.
Ýörite orta ýa-da hünär bilimi bolan adamlaryň sany bolsa 9,7 million bolup, degişli ýaş toparynyň 35,8 göterimini düzýär.
«Podrobno.uz» neşiriniň maglumatlaryna görä, Özbegistanda 15 ýaşdan uly her 1 000 ýaşaýjynyň 120-sinde ýokary bilim bar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.