Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Bu topar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy degişli ugurlar boýunça ösdürmek we özara gatnaşyklary giňeltmek meselelerine gönükdirilendir.