Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilýän «Türkmenistanyň Naýbaşy Futzal Ligasy – 2026» ýaryşynyň 10-njy tapgyrynyň netijeleri boýunça «Köpetdag» topary çempionlyk adyny möhletinden öň gazandy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň habar bermegine görä, «Köpetdag» topary şu wagta çenli geçiren 10 duşuşygynyň 9-synda ýeňiş gazanyp, bir oýny deňlikde tamamlady. Netijede, toparyň hasabynda 28 utuk toplandy.
Iň ýakyn bäsdeşi bolan «Migrasiýa» topary 22 utuk bilen ikinji orunda barýar. Şeýlelikde, «Köpetdag» bilen onuň arasyndaky utuk tapawudy 6-a deň boldy.
Çempion topar şu möwsümde häzire çenli geçiren duşuşyklarynyň hiç birinde ýeňlişe sezewar bolmady. «Köpetdagyň» oýunçylary garşydaşlarynyň derwezesine 49 gol geçirip, öz derwezesinden 18 gol goýberdiler.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.