Ýaponiýanyň Futbol assosiasiýasynyň ozalky prezidenti Kodzo Tasima Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ýolbaşçylygyna geçiriljek saýlawlara gatnaşmak üçin resmi taýdan dalaşgärligini hödürledi.
«Reuters» habarlar agentliginiň Ýaponiýanyň «Asahi» teleýaýlymyna salgylanyp habar bermegine görä, Kodzo Tasimanyň dalaşgärligini bäş sany milli futbol federasiýasy goldady.
FIFA-nyň prezidentligi ugrunda bäsleşige gatnaşjak beýleki dalaşgärleriň biri hem Fransiýanyň Futbol federasiýasynyň prezidenti Filipp Diallodyr. Onuň 16-njy noýabrda bu wezipä dalaşgärligini öňe sürendigi mälim boldy. Häzirki wagtda FIFA-nyň prezidenti wezipesini şweýsariýaly Janni Infantino eýeleýär.
68 ýaşly Kodzo Tasima 2016–2018-nji ýyllarda Ýaponiýanyň Futbol assosiasiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Ol 2015-nji ýylyň aprel aýyndan bäri FIFA-nyň agzasy bolup durýar.
Janni Infantino 2016-njy ýylyň fewral aýynda geçirilen FIFA-nyň nobatdan daşary kongresinde guramanyň prezidenti wezipesine saýlanypdy. Şondan soň ol iki gezek bäsdeşsiz ýagdaýda gaýtadan bu wezipä saýlandy.
FIFA-nyň nobatdaky prezident saýlawlarynyň 2027-nji ýylyň mart aýynda Marokkoda geçirilmegi meýilleşdirilýär.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.