Hytaýda ýurduň öz hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen CE-25A kysymly elektrik ýolagçy uçary ekipaž bilen ilkinji synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. 10 tonna agram kategoriýasyna degişli uçaryň uçuşy ýurduň gündogaryndaky Şandun welaýatynda geçirildi.
«Sinhua» agentliginiň habar bermegine görä, uçuş wagtynda uçaryň bortunda iki pilot we synag inženeri bolupdyr. Synagyň dowamynda ähli ulgamlar kadaly işläp, alnan görkezijiler öňünden garaşylan netijelere laýyk geldi.
Bu synag uçaryň ösüş maksatnamasyndaky möhüm tapgyrlaryň biri boldy. CE-25A uçary mundan öň, 2-nji fewralda, emeli aň esasly akylly dolandyryş ulgamynyň kömegi bilen ilkinji gezek pilotsyz uçuşy amala aşyrypdy.
CE-25A «COMAC» kompaniýasynyň sebitara gatnawlar üçin niýetlenen ilkinji elektrik täjirçilik uçarydyr. Ol 19 ýolagçy üçin niýetlenip, iň ýokary uçuş agramy 10 tonna deňdir. Uçaryň kruiz tizligi sagatda 300 kilometre, uçuş beýikligi 2 müň 400 metre, uçuş uzaklygy bolsa 400 kilometre ýetýär.
Uçar «COMAC», Hytaýyň Daşaýjy raketalar tehnologiýasy akademiýasy (CALT) we Şanhaý ulag uniwersiteti tarapyndan bilelikde işlenip düzüldi. Şu wagta çenli CE-25A pilotsyz awtonom tertipde 19 synag uçuşyny üstünlikli ýerine ýetirdi.
Hytaýyň Raýat awiasiýasy müdirligi uçaryň görnüşini sertifikatlaşdyrmak baradaky arzany kabul etdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.