«Samsung» kompaniýasy «Google» bilen bilelikde işläp düzen, «Gemini» emeli aň ulgamy ornaşdyrylan akylly äýnekleriniň satuwa çykaryljak senesini mälim etdi. Täze enjamlar 10-njy dekabrdan ABŞ-da we Koreýa Respublikasynda satuwa çykarylar. Deslapky sargytlary kabul etmek işi eýýäm başlandy. Bu barada «ixbt.com» neşiri habar berýär.

Täze äýnekler «Gentle Monster» we «Warby Parker» brendleriniň hödürleýän 30 dürli dizaýn görnüşinde elýeterli bolar. «Gentle Monster» alty görnüşli çarçuwanyň esasynda 16 modeli, «Warby Parker» bolsa üç dizaýnda 14 modeli taýýarlady. Modeller daşky görnüşi, reňki, ölçegi we linzalarynyň aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Çarçuwalaryň agramy takmynan 41 grama deňdir.

ABŞ-da «Warby Parker» äýnekleriniň başlangyç bahasy 395 dollar, «Gentle Monster» modelleriniň bahasy bolsa 449–489 dollar aralygynda kesgitlenildi. «Gentle Monster» brendiniň äýnekleri Koreýa Respublikasynda hem satuwa çykarylar.

Enjamyň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň «Gemini» emeli aňy bilen işlemegidir. Ulanyjylar äýnegiň kömegi bilen özleriniň öňünde duran zatlar barada sorag berip, daş-töweregindäki maglumatlary öwrenip bilerler. Şeýle hem synp tagtasynyň suratyny düşürip, ondaky ýazgylaryň gysgaça mazmunyny «Samsung Notes» programmasynda taýýarlamak, nahar menýularyny terjime etmek we «Google Maps» arkaly ugur görkezmelerini almak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.

Akylly äýnekler gelen habarnamalary toparlara bölüp, gysgaça mazmunyny ses arkaly okap bilýär. Ulanyjylar jaňlara we hatlara sesli buýruklar arkaly jogap berip, munuň üçin smartfony eline almaly bolmaýarlar.

«Warby Parker» modelleri 12 megapiksellik HDR kamera bilen enjamlaşdyryldy. Kamera emeli aň üçin wizual maglumatlary almaga, şeýle hem surat we wideo düşürmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, äýneklerde açyk gurluşly dinamikler we dört mikrofon bar. Enjam «Snapdragon AR1 Gen 1» platformasynda işleýär. Bir gezekki doly zarýad bilen 9 sagada çenli, zarýad beriji gutusy bilen bilelikde bolsa 72 sagada çenli ulanylyp bilner.

Täze äýnekler «One UI 9.0» ýa-da has täze programma üpjünçiligi bolan «Galaxy S», «S FE», «Z Fold», «Flip» we «Fold Ultra» seriýaly smartfonlar bilen utgaşykly işleýär. Şeýle hem olar «Android 17» ulgamly «Pixel 7» we ondan täze modelleri, «iOS 26.6» ýa-da has täze ulgamly, azyndan 6 GB operatiw ýady bolan «iPhone 13» we soňky modelleri goldaýar.

Äýnekler «Warby Parker» kompaniýasynyň bölek satuw dükanlarynda we internet dükanynda, şeýle hem «Gentle Monster» brendiniň internet dükanynda hödürlener. Enjam bilen tanyşdyryş synaglary bolsa 10-njy dekabrdan başlap, «Samsung» kompaniýasynyň saýlanan dükanlarynda geçiriler.