Amerikaly milliarder hem-de işewür Ilon Mask Tehas ştatynda guruljak «Terafab» atly çip önümçiligi boýunça kärhananyň taslamasynyň wideosyny X sosial torunda ýerleşdirdi. Ol wideony «Terafab» dünýäde iň uly we gymmatly bina bolar» diýen sözler bilen düşündirdi diýip, «Gazeta.ru» habar berdi.
Işewüriň eýelik edýän «SpaceX» kompaniýasynyň saýtynda täze zawodyň eýelejek meýdanynyň 9,3 million inedördül metr boljakdygy beýan edilýär. Ýagny, «Terafab» dünýäde çip öndürýän iň uly zawod bolar.
Mask onuň önümlerini aşakdaky ugurlarda peýdalanmakçy:
«Cybercab» robot taksilerinde
Adam sypatly «Optimus» robotlarynda
«SpaceX» kompaniýasynyň älem giňişliginde ýerleşdirjek merkezlerinde maglumatlary gaýtadan işlemek üçin
«SpaceX» kompaniýasynyň ýerli häkimiýetlere hödürlän iş meýilnamasynda täze kärhananyň jemi bahasynyň 119 milliard dollara deň boljakdygy bellenilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.