«Rambler.ru» neşiriniň «The Economist» žurnalyna salgylanyp habar bermegine görä, dünýäniň iň baý işewür Ilon Mask öz kompaniýasynyň emeli aňyny (EA) işläp düzýän maglumatlary gaýtadan işlemek merkezlerini Ýeriň orbitasynda ýerleşdirmek boýunça maksatnama taýýarlaýar. Neşir tarapyndan pikiri soralan hünärmenler bu ädimiň planeta üçin heläkçilige eltip biljekdigini diýdurdylar. Mask öz nobatynda EA we robottehnikasy geljekde akyl hem-de fiziki wezipeleriň agramly bölegini öz üstüne alar diýip aýdýar. Onuň EA-kompaniýasynyň «SpaceX» kompaniýasy bilen birleşmegi programmalaşdyrmak ýaly akyl meselelerini çözmäge ukyply ulgamlary döretmäge mümkinçilik berer, telekeçiniň «Tesla» kompaniýasy bolsa adam sypatly robotlaryň önümçiligine ünsi jemläp biler. Maskyň çaklamalaryna görä, ýene bäş ýyldan EA-ulgamlar adam akylyndan ozar, on ýyldan bolsa, iş ýerleriniň robotlaşdyrylmagy adamzady puluň gymmatyny ýitirjek ajaýyp bolelinlik eýýamyna elter.