Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim we medeniýet meseleleri boýunça bölüminiň wekilleri Änew şäherinde geçirilen karate ýaryşlaryna baryp gördüler.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Karate federasiýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi. Oňa federasiýanyň başlygy Welmyrat Gurbanmyradow, başlygyň orunbasary Ilmyrat Şanepesow hem-de Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň sylagyna mynasyp bolan Ýaşuzak Mämmetnazarow gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda ýapon wekilleri Türkmenistanda karateniň ösüşi bilen tanyşdylar. Olar federasiýanyň wekilleri we türgenler bilen pikir alyşdylar, şeýle-de ýaryşlaryň geçirilşine syn etdiler.
Bu sapar sport ulgamynda, hususan-da, karate boýunça Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirilýändigini görkezdi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.