Türkmenistanly agyr atletikaçy Şabnam Kerimbaýewa Hytaýyň Nindo şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda iki sany ýaşlar dünýä rekordyny täzeledi.

57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türgen silterläp götermekde 89 kilogram agramy galdyryp, bu görnüşde ýaşlaryň arasynda täze dünýä rekordyny goýdy.

Şabnam Kerimbaýewa iki görnüşiň jemi boýunça hem ýokary netije görkezdi. Ol bu görkeziji boýunça 201 kilogram agramy toplap, ýene bir ýaşlar dünýä rekordynyň eýesi boldy. Türgen itekläp götermekde bolsa 112 kilogram agramy galdyrdy.

Türkmen türgeniniň gazanan üstünlikleri barada Halkara agyr atletika federasiýasy (IWF) habar berdi.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň milli ýygyndysyna dünýä çempionatynda 10 türgen wekilçilik edýär. Ýaryşlar 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabryna çenli dowam edýär.