Ýakynda S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wersi­te­ti­niň Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi bi­len bi­le­lik­de gu­rama­gyn­da ýur­du­my­zyň or­ta mek­dep­le­ri­niň 11-nji syn­pa çen­li we 12-nji synp okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da in­for­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça olim­pia­da ge­çi­ril­di. Bu olim­pia­da her ýyl «Türkme­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­myny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» hem-de «Türk­me­nis­tan­da te­bi­gy we ta­kyk yl­my ugur­la­ra de­giş­li ders­le­ri okat­ma­gy kä­mil­leş­dir­megiň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa geçirmegiň me­ýil­na­ma­la­ry­ny ýeri­ne ýe­tir­mek, bi­lim ul­ga­my­na inno­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýurdu­my­zyň umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ze­hin­li ýaş­la­ry ýü­ze çykar­mak mak­sa­dy bi­len gu­ral­ýar. Olim­pia­da­nyň ge­çi­ril­me­gi hä­zirki dö­wür­de ýü­ze çyk­ýan yl­my we ama­ly me­se­le­le­ri der­ňe­mä­ge ukyp­ly ýaş­la­ry ýe­tiş­dir­mä­ge, olaryň in­for­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça bilim­le­ri­ni has-da art­dyr­ma­ga, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy pugta­lan­dyr­ma­ga hem-de mek­dep okuw­çy­la­ry­ny hü­när en­dik­le­ri­ne ug­ruk­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. No­bat­da­ky olim­pia­da 3 tap­gyr­da şah­sy bäs­le­şik gör­nü­şin­de bo­lup, 26-njy ýan­war­da onuň 1-nji tap­gyry et­rap­lar­da (şä­her­ler­de) ge­çi­ril­di. 30-njy ýan­war­da Aş­ga­bat we Arka­dag şä­her­le­rin­de, we­la­ýat­lar­da olim­pia­da­nyň 2-nji tap­gy­ry gu­ra­lyp, on­da ta­pa­wut­la­nan­lar 3-nji tap­gy­ra gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy­lar. In­for­ma­ti­ka olim­pia­da­sy­nyň jem­leý­ji tap­gy­ry­na gat­naş­mak üçin ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­den zehin­li ýetginjekler paý­tag­ty­my­za geldi­ler. Olar S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­tetin­de bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň ýaş alym­la­ry­nyň, ta­lyp­la­ry­nyň ylmy-tas­la­ma iş­le­ri­niň ser­gi­si­ne aýla­nyp gör­dü­ler. Uni­wer­si­te­tiň fa­kultet­le­ri, hü­när­le­ri, yl­my gur­nak­la­ry we olar­da oka­mak, yl­my iş­le­ri alyp bar­mak, te­bi­gy, ta­kyk ylym­la­ry, şol san­da in­for­ma­ti­ka der­si­ni öw­renmek üçin dö­re­di­len şert­ler bi­len tanyş­dy­lar. Jem­leý­ji tap­gy­ra 100 okuwçy gat­na­şyp, ýe­ňi­ji­ler I, II we III de­re­je­li dip­lom­lar, me­dal­lar we ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar bi­len sy­laglan­dy­lar. S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tinde geçirilen In­for­ma­ti­ka olim­pia­dasy­nyň jem­leý­ji da­ba­ra­sy uly ru­hube­lent­li­ge bes­len­di. 11-nji syn­pa çen­li okuw­çy­la­ryň ara­syn­da 3 sa­ny I orun, 6 sa­ny II orun, 8 sa­ny III orun kes­git­le­nil­di. Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki 86-njy or­ta mek­de­biň okuw­çy­la­ry Ja­la­led­din Nur­ku­ly­ýew, Ho­ja­mu­ham­met Hy­dyrow, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky 32-nji or­ta mek­de­biň okuw­çy­sy Şa­se­nem Mu­ham­met­myra­do­wa da­gy bi­rin­ji or­na eýe bol­dy. 12-nji synp okuw­çy­la­ryň arasyn­da 4 sa­ny I orun, 6 sa­ny II orun, 8 sa­ny III orun bo­lup, Aş­ga­bat şähe­rin­dä­ki 86-njy or­ta mek­dep­den Yh­las Aman­my­ra­dow, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki ýaş fi­zik­le­riň we ma­te­ma­tik­le­riň ýöri­te­leş­di­ri­len 21-nji or­ta mek­de­binden Ata­gel­di Al­la­be­re­now, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Sa­kar­çä­ge et­ra­bynda­ky 31-nji or­ta mek­dep­den Mergen An­na­ýew, paý­tag­ty­myz­da­ky «Olimp» or­ta sport mek­de­bin­den Ymam­mu­ham­met Pur­mu­ra­dow bi­rin­ji or­na my­na­syp bol­du­lar. Baý­rak­ly orun­la­ra eýe bo­lan­la­ryň ara­syn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sapar­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim berýän mek­dep-in­ter­na­ty­nyň, 6-njy, 83-nji, 91-nji or­ta mek­dep­le­riň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý etra­byn­da­ky te­bi­gy we ta­kyk ugur­ly ders­le­ri çuň­laş­dy­ryp öw­red­ýän ýöri­te­leş­di­ri­len 46-njy or­ta mek­de­biň, Ba­ba­daý­han et­ra­byn­da­ky 4-nji orta mek­de­biň, Da­şo­guz we­la­ýa­tynyň Da­şo­guz şä­he­rin­dä­ki da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 7-nji, 24-nji or­ta mek­dep­le­riň, Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Türk­me­na­bat şä­herin­dä­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len 41-nji or­ta mek­de­biň, Çär­jew et­ra­byn­da­ky 22-nji or­ta mek­de­biň, Köý­ten­dag et­ra­byn­da­ky 4-nji or­ta mek­de­biň, Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rindä­ki 24-nji ze­hin­li ýaş­lar mek­de­biniň, Sa­kar­çä­ge et­ra­byn­da­ky 24-nji or­ta mek­de­biň, Ýo­lö­ten et­ra­byn­daky 2-nji, 40-njy or­ta mek­dep­le­riň, Oguz­han et­ra­by­nyň Şat­lyk şä­herin­dä­ki ta­kyk we te­bi­gy ugur­la­ra ýö­ri­te­leş­di­ri­len 12-nji or­ta mek­debiň okuw­çy­la­ry bar. Olim­pia­da okuw­çy­la­ryň ze­hi­nini, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny açyp görkez­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Oňa gat­na­şan okuw­çy­lar de­giş­li ders bo­ýun­ça taý­ýar­ly­gy­nyň ýo­ka­ry dere­je­de­di­gi­ni gör­kez­di­ler.