ABŞ-nyň 9-njy federal apellýasiýa kazyýeti Donald Trampyň administrasiýasynyň haýyşyny kanagatlandyryp, DV-2027 Green Card maksatnamasy boýunça arzalaryň kabul edilmegini başlamagy talap edýän ozalky kazyýet kararynyň ýerine ýetirilmegini wagtlaýyn togtatdy.

Bu karar bilen, DV-2027 Green Card lotereýasynyň 2026-njy ýylyň 1-nji noýabrynda başlanmagyna garaşylmaýar.

Üç kazydan — M. Margaret McKeown, N. Randy Smith we Holly A. Thomasdan ybarat topar administrasiýanyň apellýasiýa şikaýatyna seredilýänçä ozalky kararyň güýjüni wagtlaýyn saklamak baradaky haýyşyny goldady.

Kazyýet nähili karara geldi?

Kazyýet öz kararynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Green Card maksatnamasy boýunça hasaba alyş işlerini heniz başlamandygyny belledi. Şeýle-de, «Red Eagle» tarapynyň degişli kanun arkaly goralýan bähbitleriniň çägine girýändigini we şol kanuna esaslanyp talap bildirmäge hukugynyň bardygyny ýeterlik derejede subut edip bilmändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, administrasiýanyň apellýasiýa şikaýatyna garalýança ozalky kararyň ýerine ýetirilmegini togtatmak baradaky gyssagly haýyşy kanagatlandyryldy. Şeýle hem işiň mundan beýläk dowam etdirilmegi üçin zerur resminamalaryň tabşyrylmaly möhletleriniň kesgitlenjekdigi habar berildi.

DV-2027 maksatnamasyna garaşýanlar üçin bu nämäni aňladýar?

Kazyýetiň täze karary 1-nji noýabrda arzalaryň kabul edilmegini başlamagy talap edýän ozalky çözgüdiň häzirlikçe ýerine ýetirilmejekdigini aňladýar.

Şol bir wagtyň özünde, bu karar DV-2027 Green Card lotereýasynyň doly ýatyrylandygyny aňlatmaýar. Maksatnama boýunça hasaba alyşyň haçan başlanjakdygy baradaky mesele heniz gutarnykly çözülmedi.