«Iş Nokady» koworking merkezi «Altyn Kanun Biznes Konsalting» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda Hytaýyň «Huahe International Business Consultancy» we «Beijing Zhongsheng Rongyao Enterprise Management Center» kompaniýalary bilen maslahat beriş hyzmatlary ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça iki sany memoranduma gol çekdi.

Resminamalara Şanhaý şäherinde geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynyň çäklerinde gol çekildi. Halkara çärä «Iş Nokady» merkeziniň esaslandyryjysy we baş direktory Jamilya Kerimowa wekilçilik etdi.

Hytaý tarapyndan resminamalara «Huahe International Business Consultancy» kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Lýu In hem-de «Beijing Zhongsheng Rongyao Enterprise Management Center» kompaniýasynyň wekili Çžao Çžisin gol çekdiler.

«Iş Nokady» merkeziniň wekilleriniň bellemegine görä, gol çekilen memorandumlar daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen geljekde alnyp baryljak işleriň başlangyjy bolup hyzmat eder. Forumda gatnaşmak merkeziň halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek ugrunda möhüm ädimleriň biri boldy.

Türkmen-hytaý işewürlik forumy 6–7-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýyň dokuzynjy Halkara import harytlary sergisine — «China International Import Expo 2026» gatnaşmagynyň çäklerinde geçirildi. Oňa iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda maýa goýum mümkinçilikleri, bilelikdäki başlangyçlary ösdürmek, hünär tejribesini alyşmak we täze bazarlara çykmak meselelerine garaldy.

Forumyň iş maksatnamasynyň çäklerinde hytaýly işewürler bilen duşuşyklar geçirilip, geljekki taslamalar we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Iş Nokady» merkeziniň wekilleriniň aýtmagyna görä, foruma gatnaşmak halkara işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge, Türkmenistanyň telekeçilik gurşawynyň mümkinçiliklerini tanyşdyrmaga we geljekki hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemäge şert döretdi.

Forumdaky gatnaşygy «Iş Nokady» bilen «Altyn Kanun Biznes Konsalting» kompaniýasynyň bilelikdäki işiniň netijeleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Merkeziň wekilleriniň bellemegine görä, hyzmatdaşlygyň çäklerinde birnäçe kompaniýanyň özara sazlaşykly hereket etmegine esaslanýan bitewi iş ulgamy kemala gelýär. Gol çekilen resminamalar hem umumy strategik maksatlara ýetmäge gönükdirilendir.

«Altyn Kanun Biznes Konsalting» bilen hyzmatdaşlyk merkeziň halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek we işiniň gerimini giňeltmek ugrunda täze mümkinçilikleri açýan möhüm ugur hökmünde görkezilýär.