Gyrgyz Respublikasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçirildi.

«Biziň resmi däl duşuşygymyz gün tertibindäki derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň geljekki ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek üçin oňat mümkinçilikdir. Ähli derejedäki gatnaşyklaryň işjeňligi döwletlerimiziň doganlyk halklaryň abadançylygynyň we tutuş sebitiň gülläp ösmeginiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga bolan umumy ymtylyşyny aýdyň görkezýär», — diýip, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Ol özara ynamyň pugtalandyrylmagy we sebit hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösdürilmegi netijesinde Merkezi Aziýanyň häzirki zaman taryhyndaky iň üstünlikli döwrüni başdan geçirýändigini belledi.

«Azerbaýjanyň konsultatiw duşuşyklaryna doly hukukly gatnaşyjy hökmünde goşulmagy hyzmatdaşlygymyzda täze tapgyry alamatlandyrdy. Bilelikdäki tagallalar bilen syýasy dialogy has-da çuňlaşdyrmak, maýa goýum, energetika we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem bitewi ulag-logistika ulgamyny döretmek üçin şertler döredilýär», — diýip, Gazagystanyň Prezidenti aýtdy.