
Bibi Babaýewa, Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy: Azyklyk hem-de bejerijilik häsiýetleri bilen mälim bolan kişmiş gündelik durmuşda giňden ulanylýar. Kişmişiň diňe bir özüniň däl-de, onuň suwunyň hem bagryň işini gowulandyrmaga ýardam edýändigi köplere mälimdir.
Kişmişiň dermanlyk häsiýeti has irki döwürlerden bäri belli bolup, halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Bilermenleriň bellemeklerine görä, kişmişde peýdaly mikroelementler adaty üzümiňkiden 30 — 40 göterim köpdür. Onuň bedeniň dürli kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýandygyny, rahatlandyryjy serişdedigini bellemeli. Kişmişiň ganazlykdan ejir çekýänlere, aşgazan kesellerine uçranlara emdigini halk lukmançylygynyň tejribeleri tassyklaýar. Kişmişiň düzüminde ýokumlar we ýaglar bolup, ol süňňüň kuwwatyny artdyrýar. Agyr zähmet, sport bilen meşgullanýanlar üçin kişmiş has peýdalydyr. Türgenlere kişmişi bal bilen garyp iýmek maslahat berilýär. Onuň düzüminde B ýokumy, demir, magniý, bor, köp mukdarda fruktoza we glýukoza bar. Lukmanlar semizlikden kösenýänlere kişmiş iýmegi ündeýärler. Sebäbi onuň düzümindäki B ýokumy ganyň durlanmagyna oňat täsir edýär. Bu ýokumly iýmit adamy sowuklamadan, üsgülewikden, ýürek agyrysyndan hem goraýar.
Keywords