
Zarina Ereşowa, Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň kitaphanaçysy: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, Watana wepaly, kämil nesil bolup ýetişmekleri ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar.
Konsepsiýanyň mazmuny diňe bir okuwçylaryň kämil bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, bilim ulgamynda zähmet çekýän halypa mugallymlar bilen bir hatarda, ýaş hünärmenleriň halypa-şägirtlik ýörelgelerini pugtalandyrmaga, özara tejribe sapaklaryny guramaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň üstünlikli ösdürilýändigini aýdyň subut edýär.
Keywords