Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy 2027-nji ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, wiza resminamalaryny kabul etmegiň tertibini üýtgedýär. Täze düzgüne laýyklykda, öňünden onlaýn ýazylmak talaby ýatyrylar we ýüz tutýanlar resminamalaryny ilçihananyň kabul ediş wagtynda göni baryp, nobat esasynda tabşyryp bilerler.
Ilçihananyň habar bermegine görä, gelýänleriň sanynyň köplügi we iş ýüküniň ýokarylygy sebäpli, bellenen wagtyň dowamynda ýüz tutanlaryň ählisinden resminamalary kabul etmegi kepillendirmek mümkin bolmaz. Kabul ediş wagty tamamlanýança resminamalaryny tabşyryp ýetişmediklere başga bir iş gününde gaýtadan gelmek zerur bolar.
Wizalaryň ähli görnüşleri boýunça resminamalar duşenbe, sişenbe, penşenbe we anna günleri sagat 09:00-dan 12:10-a çenli kabul ediler. Çarşenbe güni bolsa şol wagt aralygynda diňe koreý milletinden bolan raýatlar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen F-3 hem-de F-4 görnüşli wizalar boýunça resminamalar kabul ediler.
Taýýar bolan wizalar we pasportlar resminamalar tabşyrylandan iki hepde soň, sagat 14:00-dan 17:30-a çenli berler.
Resminamalary konsullyk taýdan kanunlaşdyrmak we notarial taýdan tassyklamak hyzmatlarynyň tertibi öňküligine galar. Bu hyzmatlardan peýdalanmak üçin ilçihana öňünden ýazylmak talaby hem saklanýar. Ýazylmak ilçihananyň görkezen www.g4k.go.kr resmi saýty arkaly amala aşyrylýar. Täze ýazylmak wagtlary her gün irden açylýar. Bu ugur boýunça hyzmatlar duşenbe–anna günleri sagat 09:00-dan 12:10-a çenli ýerine ýetirilýär.
Ilçihana täze tertibiň wiza resminamalaryny resmileşdirmek we konsullyk hyzmatlaryny almak işlerini has düzgünli hem-de ýüz tutýanlar üçin amatly etjekdigine garaşýar.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.