Türkmenistan Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) «Şuşa — 2026-njy ýylyň syýahatçylyk paýtagty» maksatnamasynyň jemleýji dabarasynyň çäklerinde guralan sergide milli syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrdy. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentligi habar berýär.
Çärä Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Pakistanyň wekiliýetleri gatnaşdy. Sergide gatnaşyjy ýurtlaryň her biri öz milli diwarlygyny hödürläp, onda syýahatçylyk mümkinçilikleri, medeni mirasy we bu pudagy ösdürmek üçin döredilen şertler barada maglumat berdi.
Jemleýji dabaranyň dowamynda Şuşa şäherinde ýylyň dowamynda YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň netijeleri hem tanyşdyryldy. Maksatnamanyň tamamlanmagy bilen, 2027-nji ýylda guramanyň syýahatçylyk paýtagty derejesi Pakistanyň Lahor şäherine berildi.
Şuşa şäherine 2026-njy ýylyň YHG-nyň syýahatçylyk paýtagty derejesi gurama agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň 2023-nji ýylda geçirilen bäşinji duşuşygynyň netijesinde berildi. Maksatnamanyň resmi açylyş dabarasy bolsa 2026-njy ýylyň 27-nji aprelinde geçirildi.









Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.