
Oguljan Jumaýewa, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň kitaphanaçysy: Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly ajaýyp kitaby türkmen halkynyň taryhy ýollaryny, milli medeni özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň anyk ugurlaryny, baky Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmatyny, aýdyň maksadyny açyp görkezýän bu kitap, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren her bir kitaby ýaly, bilim işgärleri üçin hem örän gymmatly gollanmadyr. Bilimiň gözbaşy kitapdan başlanýar. Bu kitaplaryň üsti bilen biz täze bir dünýäni açýarys, gözýetimimizi giňeldýäris.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesle döwrebap okuw mekdeplerinde okamaga uly mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlarymyzyň okuwdan boş wagtlaryny has täsirli geçirmekleri üçin bilim edaralarynyň ählisinde baý kitaphanalar bar. Bu kitaphanalarda ylmy neşirler bilen birlikde çeper edebiýatlar hem bar. Okuwçylar özlerini gyzyklandyrýan ähli sowallara bu kitaplardan jogaplary tapýarlar, dürli maglumatlary toplaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri bolsa kitaphanalaryň ajaýyp bezegi-ýaraşygy bolmak bilen, okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy maglumatlara baý kitaby dürli ylmy işleri alyp barmakda okuwçylar üçin hem, mugallymlar üçin hem uly gollanmadyr.
Kitapda bellenilişi ýaly, bitaraplyk ata-babalarymyza mahsus syýasy ýol-ýörelgeleriň biridir. Taryhy çeşmelerde hem türkmen il-ulsunyň, hökümdarlarynyň, han-begleriniň hemişe özara hormata we ynanyşmaga aýratyn uly ähmiýet berendikleri nygtalýar. Parasatly pederlerimiz diňe özli-özleriniň asuda, abadan ýaşamaklaryny däl, eýsem, beýleki halklaryň, döwletleriň, küren obalaryň hem agzybirligini, jebisligini gazanmagy ileri tutupdyrlar. Hormatly Prezidentimiz bu barada söz açyp, türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwer tebigatynyň kökleriniň ata-babalarymyzyň döwlet dolandyryş filosofiýasynda, diňe bir harby güýje däl, eýsem, paýhasa we geosyýasy deňagramlylyga daýanan beýik strategiýasynda jemlenýändigini belleýär: «Bu aýratynlyk geçmişde türkmenleriň guran Parfiýa, Marguş, Köneürgenç ýaly kuwwatly döwletleriniň daşary syýasatynda has aýdyň ýüze çykýar. Taryhy çeşmeler diňe bir olaryň güýçli imperiýalar bilen howp-hatara garşy göreşendigini däl-de, halkara gatnaşyklaryň ugruny oňyn tarapa gönükdiren örän pähimli diplomatik ýörelgelerini hem görkezýär. Şol ýörelgelerimiziň iň kämil nusgalarynyň biri bolan bitaraplyk syýasaty Parfiýa döwleti tarapyndan dünýä giňişliginde ilkinji gezek hukuk taýdan berkidilen derejede amala aşyrylypdyr».
Gadymy ýol-ýörelgelerimize şan berip, ýurdumyzyň abraý-mertebesini halkara derejesinde belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Keywords