
Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň sypaty diňe bir döwrebap binalar bilen däl, eýsem öz işine aşyk hünärmenleriň yhlasy bilen hem ölçelýär. Kerki etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň taryh we jemgyýeti öwreniş dersi mugallymy Maýa Gündogdyýewa hut şeýle kämil şahsyýetleriň biridir.
Mugallymçylyk Maýa üçin diňe bir kär däl, eýsem maşgala ýörelgesidir. Onuň kakasy Rähmet aga we ejesi Akjagül mugallym köp ýyllaryň dowamynda bilim ugrunda zähmet çekip, etrapda uly hormat gazanan ynsanlardyr. Ata-ene göreldesine eýeren Maýa, 2018-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, özüniň ilkinji zähmet ýoluna uly höwes bilen başlady.
Maýa mugallym öz sapaklarynda multimediýa tagtalaryndan we innowasion tehnologiýalardan ussatlyk bilen peýdalanýar. Onuň döreden gyzykly oýunlary, barlagnamalary we tapmaçalary okuwçylaryň derslere bolan höwesini artdyrýar. Halypa mugallymlaryň tejribesini döwrüň talaplary bilen utgaşdyrýan ýaş hünärmen, gysga wagtyň içinde kärdeşleriniň arasynda uly abraý gazandy.
Maýanyň yhlasly zähmeti onuň okuwçylarynyň gazanýan üstünliklerinde aýdyň görünýär:
Maýa Gündogdyýewa diňe bir ders bermek bilen çäklenmän, mekdebiň jemgyýetçilik durmuşyna hem işjeň gatnaşýar. Ol mekdebiň okuwçy gyzlarynyň «Gülälek» guramasyna we taryh-geografiýa ugruna degişli usuly birleşmä ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de, ol «Ýylyň mugallymy — 2025» bäsleşiginiň etrap tapgyrynda hem ýokary netijeleri görkezmegi başardy.
Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmelerini durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşýan Maýa mugallym, ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek ugrunda täze maksatlara ynamly öňe barýar.
Keywords