
Lamborghini ugruny üýtgedýär: kompaniýa doly elektrikli ulaglary öndürmekden ýüz öwrüp, gibrid modellerine geçmek kararyna geldi. «The Sunday Times» gazetiniň habar bermegine görä, meşhur brend "arassa" elektromobillere bolan islegiň pesligi sebäpli, tokdan iýmitlenýän gibridleri (PHEV) ösdürmäge ünsüni jemlemek kararyna geldi.
Kompaniýanyň başlygy we ýerine ýetiriji direktory Stefan Winkelman strategiýanyň üýtgeýändigini resmi taýdan tassyklady. Onuň aýtmagyna görä, 2030-njy ýyla çenli ähli modeller gibrid görnüşinde bolar, adaty hereketlendirijileriň önümçiligini bolsa mümkin boldugyça uzak wagtlap saklamaga çalşarlar. 2028-nji ýylda çykarylmagy meýilleşdirilen ilkinji doly elektrikli «Lanzador» ulagynyň taslamasy bolsa doly ýapyldy.
Winkelman bu kararyň müşderiler bilen maslahatlaşylandan soň, bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda kabul edilendigini nygtady. Ol bazaryň taýýar däl wagtynda elektromobillere maýa goýmagy "gymmat düşýän güýmenje" we paýdarlaryň hem-de işgärleriň öňündäki maliýe jogapkärçiligine biperwaýlyk diýip atlandyrdy.
Awtomobil senagatyndaky bütindünýä üýtgeşmelere garamazdan, Lamborghini ynamly ösüş görkezýär. «Volkswagen Group»-yň düzümine girýän kompaniýa 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 10 747 awtomobil satyp, taryhy görkezijä eýe boldy. Bu üstünligiň esasy hereketlendirijisi hut gibrid modelleri: «Revuelto», «Urus» we «Temerario» boldy. Şol bir wagtda, brend üçin esasy bazarlaryň biri bolan ABŞ-nyň bazarynda satuwyň takmynan 10% peselmegi hem meýilnamalaryň täzeden seredilmegine täsir etdi.
Keywords