
Lebap sement zawodynyň işgärleri tarapyndan 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda ýokary önümçilik görkezijilerine ýetildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda kärhanada jemi 941,1 müň tonna sement öndürilip, bu görkeziji zawodyň ozalky 1 million tonnalyk ýyllyk kuwwatyna eýýäm barmaly ýagdaýa gelendigini aýdyň görkezýär.
Gazanylan üstünlikler geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ösüşiň bardugyny subut edýär. Meselem, 2025-nji ýylyň degişli döwründe zawodda 743,6 müň tonna önüm taýýarlanypdy. Netijede, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 197,5 müň tonna ýa-da 26,6 göterim artdy.
Bellemeli zat, ozal ýyllyk önümçilik kuwwaty 1 million tonna deň bolan bu kärhananyň mümkinçilikleri amala aşyrylan giň gerimli işleriň netijesinde häzirki wagtda 2 million tonna ýetirildi. Bu bolsa ýurdumyzyň senagat pudagynyň kuwwatynyň yzygiderli artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Keywords