Bäsleşik berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirildi.

   Çekeleşikli geçen bu bäsleşikde emin agzalaryň gelen netijeleri boýunça:

   I orna - Lebap welaýat Maliýe-ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ugrunyň 1-nji ýyl talyby Sülgün Astanowa;

    II orna - Türkmenabat şäheriniň Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bejeriş ugrunyň 1-nji ýyl talyby Gülnabat Joraýewa;

    III orna - Türkmenabat şäheriniň Ýörite sungat orta hünär okuw mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty ugrunyň 1-nji ýyl talyby Selbi Imanowa hem-de Türkmenabat şäheriniň Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary ugrunyň 2-nji ýyl talyby Laçyn Öwezmyradowa dagylar mynasyp boldular.

    Bäsleşigiň ýeňijilerine we bäsleşige gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Hormat hatlary gowşuryldy.