Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky “Garagum” maldarçylyk hojalygynda 58 müň baş ownuk şahly mal idedilýär. Olaryň arasynda 27 müň başdan gowragyny goýunlar düzýär.
“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, hojalykda tebigy howa şertlerine oňat uýgunlaşan garaköli we saryja tohumly goýunlar ösdürilip ýetişdirilýär. Garaköli tohumly goýunlar Türkmenistanyň goýun sürüleriniň esasy bölegini emele getirýän bolsa, saryja tohumly goýunlar özleriniň uzyn, ak ýüňi bilen tapawutlanýar. Bu ýüň halyçylyk pudagy üçin aýratyn gymmatly çig mal hasaplanýar.
Maldarçylyk hojalygynda mallaryň ýylyň dowamynda ýokumly iýmit bilen üpjün edilmegine uly üns berilýär. Her ýyl bu ýerde otjumak ösümliklerden taýýarlanan bede, ot-iýmlik ekinler, goşma iýmler we ýokumly garyndylar bilen birlikde 2 müň tonnadan gowrak ot-iým taýýarlanylýar.
Mallary saklamak, gyşlatmak, guzulary ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek işleri üçin hojalykda zerur şertler döredilipdir. Şeýle hem dürli döwürlerde mallary ýerleşdirmek üçin onlarça agyl enjamlaşdyrylandyr.
Hojalygyň hünärmenleri öri meýdanlarynyň ýagdaýyny gorap saklamaga, ot-iým binýadyny berkitmäge we mallaryň saglygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berýärler. Mallar 100-den gowrak guýynyň golaýynda idedilýär. Olaryň 50-si hojalygy ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edýär.
Tejribeli çopan toparlary suw çeşmeleriniň, öri meýdanlarynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edýär, şeýle hem mallary iýmitlendirmek, idetmek we bejermek işlerini alyp barýarlar. Bu işler hojalykda maldarçylygyň durnukly ösdürilmegine we önümçiligiň ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.