
Watanymyzyň orta mekdeplerinde 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagyna sanlyja günler galdy. Şu mynasybetli ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda guraljak «Soňky jaň» dabaralary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly taryhyna ajaýyp wakalaryň biri bolup girer.
Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynyň bilim ulgamy üçin hem bu okuw ýyly uly zähmet ýeňişlerine we üstünliklere beslendi. Geçen dokuz aýyň dowamynda welaýatymyzyň çäginde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 397-sinde jemi 338 müňe golaý okuwça döwrebap şertlerde bilim hem-de kämil terbiýe berildi. Şolaryň arasyndan 23 700-den gowrak ýaş ogul-gyzlar şu ýyl okuwyny şowly tamamlap, özbaşdak durmuşa ilkinji gadamlaryny basýarlar.
Şu dabaraly we şatlykly pursatlarda Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Begaryk obasynyň ýaşlary has-da çuňňur tolgundyryjy duýgulary başdan geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, şu tamamlanyp barýan okuw ýylynyň ilkinji gününde bu obada 400 orunlyk döwrebap mekdep binasy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berlipdi. Innowasion tehnologiýalar we ösen okuw enjamlary bilen doly abzallaşdyrylan bu täze bilim ojagynda okamak hem-de ylymlaryň durnukly esaslaryny ele almak Begaryk obasynyň ýaşlaryna miwesi boldy.
Ýaş nesliň dünýä standartlaryna laýyk gelýän täze binalarda döwrebap bilim almagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bagtyýar uçurymlar, olaryň ata-eneleri hem-de bilim işgärleri çuňňur minnetdarlyk we tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar.
Keywords