
Madridiň “Real” futbol kluby “Laureus World Sports Awards 2025” dabarasynda “Ýylyň topary” diýen abraýly baýraga mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçirildi.
Bu ugurda baýrak üçin dalaş edenler:
“Boston Seltiks” (basketbol, ABŞ)
“Barselona” (zenanlar futboly, Ispaniýa)
“Maklaren” (awtosport, Beýik Britaniýa)
Ispaniýanyň futbol boýunça milli erkekler ýygyndysy
ABŞ-nyň basketbol boýunça milli erkekler ýygyndysy
Laureus baýragynyň nominasiýalarynyň gysga sanawy 70-den gowrak ýurtdan 1000-den gowrak sport KHBS-iniň ses bermegi bilen düzülýär. Ýeňijiler bolsa “Laureus Bütindünýä Sport Akademiýasy” tarapyndan kesgitlenýär.