
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Taryh» hünäriniň IV ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Russiýa Federasiýasynyň «Ylym formulasy» (Formula nauki) ylmy-barlag merkezi tarapyndan gurnalan «Barlagyň araçäkleri – 2026» atly halkara ylmy-barlag işleriniň bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň talyby bäsleşigiň onlaýn meýdançasynda «Beýik Seljukly döwletiniň medeniýeti» atly ylmy makalasy bilen üstünlikli çykyş etdi.
Halkara bäsleşiginiň emin agzalary işiň möhümligine, ylmyň çuňlugyna, awtoryň döredijilikli çemeleşmesine we makalanyň taýýarlanyş hiline ýokary baha berdiler. Bäsleşigiň jemleri boýunça türkmenistanly talyp «Iň gowy ylmy makala» diýen ugurda halkara bäsleşiginiň ýeňijileriniň hataryna girip, I derejeli Diplom bilen sylaglandy.
«Barlagyň araçäkleri – 2026» atly ylmy-barlag işleriniň halkara bäsleşigine Russiýanyň we daşary ýurtlaryň bilim edaralarynyň talyplary, magistrantlary, aspirantlary hem-de mugallymlary gatnaşdylar.
Bu çäre gatnaşyjylara öz ylmy ukyplaryny ýüze çykarmaga, ylmy barlaglaryň dürli ugurlary boýunça gazanan üstünliklerini görkezmäge we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.
Bäsleşik ylmy-barlag işlerine höweslendirmek, şeýle hem iň zehinli we döredijilik taýdan işjeň talyplary, uçurymlary, ylmy guramalaryň işgärlerini we bilim edaralarynyň mugallymlaryny ýüze çykarmak hem-de goldamak maksady bilen her ýyl geçirilýär.
Keywords