Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary Polşanyň Katowise şäherinde 4–10-njy noýabr aralygynda geçirilen talyplaryň Halkara toparlaýyn matematika olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, bäsleşigiň şahsy hasabynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby Oguzhan Garlaýew birinji orny eýeläp, altyn medala mynasyp boldy.

Türkmenistanly talyplardan Halyhmuhammet Annageldiýew bilen Halmyrat Myratgeldiýew hem üstünlikli çykyş edip, üçünji orunlary eýelediler we bürünç medallara mynasyp boldular.

Abraýly halkara matematika bäsleşigine Awstriýanyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň hem-de Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.