Meşhur «Disney» kinostudiýasy dünýä tomaşaçylarynyň söýgüsini gazanan «Ýeke özi öýde» (Home Alone) filminiň täze bölümini surata düşürmek baradaky taslamany ara alyp maslahatlaşýar.
«The Town» podkastynyň žurnalisti Mettýu Belloniniň habar bermegine görä, 45 ýaşly aktýor Makoleý Kalkin studiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, täze filmiň başlangyç pikirleri boýunça ylalaşyga gelipdir. Täze taslama Kalkiniň ençeme ýyldan soň özüniň iň meşhur keşbi — Kewin Makkallisteriň keşbine gaýdyp geljekdigini aňladýar.
Täze filmiň wakalary öňki bölümlerden tapawutly bolar. Onda häzirki zaman maşgala gatnaşyklary, ene-ata bilen çagalaryň arasyndaky baglanyşyk täzeçe görnüşde beýan ediler.
Habarlara görä, filmiň başlangyç pikiriniň biri Makoleý Kalkiniň özi tarapyndan teklip edilipdir. Täze wakada uly ýaşly Kewin iş bilen meşgul bolup, ogluna ýeterlik wagt bölüp bilmeýän sallah ata hökmünde görkeziler. Kakasyna öýkelän ogly ony öýden kowup, yzyna girmezligi üçin dürli mekir duzaklary gurýar. Şeýlelikde, gahrymanyň çagalyk döwründäki ýagdaýlar tersine öwrülýär we Kewin indi öz döwründe ulanýan usullaryna garşy durmaly bolýar.
«Ýeke özi öýde» filminiň ilkinji bölümi režissýor Kris Kolambus tarapyndan 1990-njy ýylda surata düşürilipdi. Film öýde ýeke galan kiçijik Kewin Makkallisteriň iki sany talaňçydan öýüni goramak üçin ulanýan akylly we gülkünç usullary arkaly bütin dünýäde uly meşhurlyk gazandy.
1992-nji ýylda çykan ikinji bölüm hem tomaşaçylaryň söýgüsini gazanyp, ilkinji filmiň üstünligini dowam etdirdi. Indi bolsa 30 ýyldan gowrak wagt geçenden soň, bu meşhur kino hekaýasynyň täzeçe görnüşde ekrana dolanmagyna garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.